ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Balkan welaýatyna baryp gördi

25.11.2024, 15:5519,368
1 / 2

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatyna sapar amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda ol Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy. Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy diýip, ilçihananyň metbugat gullugynda habar berdiler.

Rud şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalara baryp gördi.
Ilçiniň bu sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.

“ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň Hökümeti bilen maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze ýollaryny tapmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda işleýär” diýlip, ilçihananyň metbugat beýanynda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.