Dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask baýlygyny rekord mukdara çenli artdyrdy

26.11.2024, 11:1821,145

Tesla we xAI kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň baýlygy rekord 347,8 mlrd dollara ýetdi. Bu barada Bloomberg neşiri habar berýär. Analitikleriň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda onuň kapitaly 120 mlrd dollar artdy.

Bilermenler onuň kapitalynyň ýokary derejede ösüşini Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Öň, Mask Trampyň dalaşgärligini açyk goldady.
Maskyň Tesla Inc. we xAI ýaly esasy kompaniýalarynyň paýnamalary saýlawlardan soň ep-esli gymmatlady. Tesla-nyň kapitalizasiýasy 350 mlrd dollara, xAI kompaniýasynyňky bolsa 50 mlrd dollara ýetdi.
Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde uly tapawut bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 219 mlrd dollar bilen Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.