2024-nji ýylyň iň owadan gollary: FIFA Puşkaş baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

30.11.2024, 18:2810,554

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2024-nji ýylyň iň gowy goly üçin Ferens Puşkaş adyndaky baýraga dalaşgärleriň sanawyny çap etdi. Bu maglumat FIFA-nyň resmi web sahypasynda geçirilen gollaryň wideolary bilen birlikde ýerleşdirildi.

Onlaýn ses berme 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda tamamlanar. Nominasiýalarda halkara ýaryşlarynyň we milli çempionatlaryň oýunlaryndan gyzykly pursatlar görkezilýär:

  1. Hassan Al-Haýdos — Aziýanyň Kubogynda Kataryň milli ýygyndysy üçin Hytaýyň derwezesine geçiren goly.
  2. Terri Antonis — Awstraliýa Liga A-da "Western Sydney Wanderers-e" garşy oýunda "Melbourne City" üçin geçiren goly.
  3. Ýassin Benziýa — FIFA-nyň çäginde Günorta Afrika garşy ýoldaşlyk oýnunda Alžiriň ýygyndysy üçin geçiren goly.
  4. Wolter Bou — Argentinanyň Professional ligasynda "Tigre" klubuna garşy oýunda “Lanus” üçin geçiren goly.
  5. Maýkl Çirinos — KONKAKAF milli Ligasynda Gonduras ýygyndysy üçin Kosta-Rikanyň derwezesine geçiren goly.
  6. Federiko Dimarko — Italiýanyň A Seriýasynda “Frosinone” klubuna garşy oýunda “Inter” üçin geçiren goly.
  7. Alehandro Garnaço — Angliýanyň Premýer Ligasynda "Everton" klubuna garşy oýunda "Manchester United" üçin geçiren goly.
  8. Mohamed Kudus — UEFA-nyň Ýewropa ligasynda “West Ham” üçin “Freiburg-yň” derwezesine geçiren goly.
  9. Jeýden Filojin — Angliýanyň Çempionatynda "Rotherham-a" klubuna garşy oýunda "Hall City" üçin geçiren goly.
  10. Pol Onuaçu — Türkiýäniň Superligasynda "Konyaspor" klubuna garşy oýunda "Trabzonspor" üçin geçiren goly.
  11. Denis Omedi — Ugandada Super 8 ýaryşynda "KKA" klubuna garşy "Kitara" üçin geçiren goly.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.