Weteranlaryň El-Klasikosy: "Barselona" bilen "Real" ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ronaldinýo, Figo...

01.12.2024, 19:5721,153
1 / 2

Katarda ady rowaýata öwrülen iki sany ebedi garşydaşlaryň - "Barselona" bilen Madridiň "Realynyň" weteranlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Ispaniýanyň hem-de dünýä futbolynyň iki esasy garşydaşlarynyň duşuşygy 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Duşuşykda "Barselona" ilki bolup hasaby açdy - Huan Pablo Sorin Lýudowik Jiuliniň assistinden soň gol geçirdi. Soňra katalonlylaryň öňki ýyldyzy Ronaldinýo jerime urgusyndan hasaby artdyrdy.
"Real" ikinji ýarymda Luiş Figo bilen Edwin Kongonyň tagallalary bilen hasaby 2:2 etdi.
Duşuşygyň ahyrynda "Barselona" ýeňiş gazanmak üçin gowy mümkinçiligi elden gidirdi, hüjümçi Patrik Kluiwert 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Klublar 15-nji dekabrda Tokioda ýene duşuşarlar. Dekabrdaky oýna "Barselonanyň" ady rowaýata öwrülen ýene iki oýunçylarynyň - Andres Inýesta bilen Hawiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.