Namibiýanyň Prezidenti ilkinji gezek aýal boldy

04.12.2024, 15:378,126

Namibiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda aýal maşgala ýeňiş gazandy. Täze döwlet Baştutany “SWAPO – Namibiýanyň Günorta-Günbatar Afrikanyň halk guramasy” dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär Netumbo Nandi-Ndaitwa boldy. Bu barada Namibiýanyň radiogepleşikler korporasiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Saýlawlar 27-nji noýabrda geçirildi. Ähli býulletenler gaýtadan işlenenden soň, saýlaw komissiýasynyň yglan eden netijesine görä, Nandi-Ndaitwa saýlawçylaryň sesiniň 57%-ini aldy.
Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin 50%-den köp ses almalydy. Saýlawlara jemi 15 dalaşgär gatnaşdy.
72 ýaşly Nandi-Ndaitwa sebitiň iň tejribeli syýasatçylarynyň biri hasaplanýar. Ol dürli döwlet wezipelerini eýeledi we parlamentiň deputaty boldy. Nandi-Ndaitwa SSSR-de bilim aldy we şol ýerde kommunistik ýaşlar hereketiniň işini öwrendi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.