Klublaýyn dünýä çempionaty-2025-iň bijeleri çekildi: “ManSiti” - “Ýuwe”, “Real” - “Al-Hilal”...

06.12.2024, 20:106,985
1 / 2

Klublaýyn dünýä çempionaty - 2025-e gatnaşýan klublaryň arasynda toparlaýyn tapgyryň bijeleri çekildi. Oňa jemi 32 klub gatnaşar diýip, championat.com habar berýär.

Klublar dört ýygyndydan sekiz topara bölünýärler, olaryň iň gowy iki sanysy pleý-off tapgyra çykar.
Bu çempionata Ýewropadan 12 klub, Günorta Amerikadan 6 klub, KONKAKAF zolagyndan, Afrikadan we Aziýa sebitleriniň her haýsyndan 4 klubdan, Okeaniýadan bolsa 1 klub gatnaşar.


Bije çekilşigiň netijelerine esaslanyp, klublar aşakdaky ýaly toparlara bölünýärler:

  • A topar: “Palmeýras” (Braziliýa), "Portu" (Portugaliýa), “Al-Ahli” (Müsür), "Inter Maýami" (ABŞ);
  • B topar: "Pari Sen-Žermen" (Fransiýa), "Atletiko" (Ispaniýa), "Botafogo" (Braziliýa), "Sietl Saunders" (ABŞ);
  • C topar: "Bawariýa" (Germaniýa), "Benfika" (Portugaliýa), "Boka Huniors" (Argentina), "Oklend Siti" (Täze Zelandiýa);
  • D toparçasy: "Flamengo" (Braziliýa), "Çelsi" (Angliýa), "Leon" (Meksika), "Esperans" (Tunis);
  • E topar: "Riwer pleýt" (Argentina), "Monterreý" (Meksika), "Inter" (Italiýa), “Urawa Red” (Ýaponiýa);
  • F topar: "Fluminense" (Braziliýa), "Borussiýa" Dortmund (Germaniýa), "Ulsan" (Günorta Koreýa), "Mamelodi Sandaunz" (Günorta Afrika);
  • G topary: "Mançester Siti" (Angliýa), "Ýuwentus" (Italiýa), "Widad" (Marokko), "Al-Aýn" (BAE);
  • H topary: "Real" Madrid (Ispaniýa), "Red Bull Salzburg" (Awstriýa), "Al-Hilal" (Saud Arabystany), "Paçuka" (Meksika).

Klublaýyn dünýä çempionaty ABŞ-da 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda geçiriler. 15-nji iýunda “Hard Rock Steduim” stadionynda “Inter Maýami” we kairli “Al-Ahli” çempionatyň açylyş oýnunda duşuşarlar.
Bu ýaryş ABŞ üçin Dünýä çempionaty - 2026-dan öň özboluşly taýýarlyk bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.