Messi MLS-de ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

09.12.2024, 08:084,967

“Inter Maýaminiň” 37 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lionel Messi MLS-de ýylyň oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýylyň oýunçysy üçin baýrak futbolçylardan, klublaryň tehniki işgärlerinden we KHBS-den pikir soraşmalaryň netijesi boýunça berilýär. Ses berişligiň netijesine görä, argentinaly 38,43% ses aldy.
Ikinji orunda “Kolambus Krýunyň” hüjümçisi Kuço Ernandes ýerleşdi. Ol 33,7% ses aldy.
Şu möwsüm MLS-iň 19 oýnunda Messi 20 gol geçirdi we 16 assist etdi. “Inter Maýami” yzygiderli çempionatyň ýeňijisi boldy, ýöne pleý-offuň birinji tapgyrynda ýaryşdan çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.