SpaceX dünýäniň iň gymmat startapy boldy. Onuň kapitalizasiýasy 350 mlrd dollara ýetdi

12.12.2024, 21:034,323

Ilon Maskyň hususy aerokosmos kompaniýasy SpaceX 350 mlrd dollar kapitalizasiýasy bilen dünýäniň iň gymmat startapy boldy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy üç aýda 65% ýokarlandy.

Öň startaplaryň arasynda lider kapitalizasiýasy 300 mlrd dollar bolan ByteDance (TikTok-yň eýesi) hasaplanýardy.
SpaceX-iň gymmatly kagyzlarynyň 112 dollardan 185 dollara çenli ýokarlanmagy maýadarlar tarapyndan gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýar. Maýadarlaryň optimizmi Ilon Mask bilen ýakyn egindeş bolan Trampyň ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen güýçlenýär. Maskyň aerokosmos kompaniýasy NASA we Pentagon bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýär, şeýle-de Starlink hemra ulgamyny dolandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.