Messi we Ronaldu FIFPro-nyň simwolik ýygyndysyna goşulmady

12.12.2024, 21:069,718

Professional futbolçylaryň assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy (FIFPro) ýylyň simwolik ýygyndysynyň düzümini yglan etdi. 21 266 futbolçynyň gatnaşmagynda geçirilen ses berişligiň netijesi guramanyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda hödürlendi.

Şu ýyl futbol ýyldyzlary – “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi we “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu nominasiýada görkezilendigine garamazdan, ahyrky sanawa goşulmadylar.
Ýygyndy topar, esasan, “Realyň” (6 oýunçy) we “Mançester Sitiniň” (4) futbolçylaryndan düzüldi, ýeke-täk üýtgeşme Liwerpulyň goragçysy Wirjil wan Deýk boldy.
FIFPro tarapyndan düzülen 2024-nji ýylyň simwolik ýygyndysy şeýle görnüşde:

  • Derwezeban: Ederson (“Mançester Siti”)
  • Goragçylar: Dani Karwahal, Antonio Rýudiger (ikisi-de “Real”), Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”).
  • Ýarymgoragçylar: Jud Bellingem (“Real”), Toni Kroos (karýerasyny tamamlady, öň “Real”), Kewin de Brýoýne, Rodri (ikisi-de “Mançester Siti”).
  • Hüjümçiler: Erling Holand (“Mançester Siti”), Kilian Mbappe (“Real”, öň “PSŽ”), Winisius Žunior (ikisi-de “Real”).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.