Türkmenistan we Şweýsariýa diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrar

13.12.2024, 11:5511,123

12-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Ştel bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garadylar.
Gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Hususan-da,

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda rugsatsyz ýaşaýan adamlaryň readmissiýasy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ilçi diplomatik işini Baku şäherinde oturýan ýerinden alyp barýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.