Caviar iň gymmat iPhone 16-ny çykardy: onuň bahasy 203 müň dollar

15.12.2024, 11:179,478
1 / 2

Smartfonlaryň üýtgeşik wersiýalaryny çykarmagy bilen tanalýan Caviar kompaniýasy üç nusgada täze iPhone 16 Pro Max-y çykardy. Täze Corona seriýasynyň flagmany "Beýik, Gazaply, Kanuny" adyny aldy we dünýäde iň gymmat smartfon boldy.

Enjamyň korpusy 750 probaly altyndan ýasaldy, onuň agramy 1 kilogramdan gowrak. Smartfon brilliant, rubin we ýakut daşlaryny öz içine alýan 402 sany gymmatbaha daş bilen bezelendir.

"Bu dizaýn, meşhur hökümdarlaryň, ýagny Karl I-iň, Süleýman Kanunynyň we Iwan Gazaplynyň täçleriniň aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Caviar-yň täjiniň üstki bölegi rus patyşasynyň täjini ýatladýar, esasy bölegi bolsa gymmatbaha daşlar bilen bezelip, Rim imperatorynyň täjine esaslanýar" – diýlip bellenýär.

Enjamyň bahasy 21 million rubla ýetýär (203 müň dollar).
Bu kaşaň model kolleksionerler we üýtgeşik dizaýny halaýanlar üçin niýetlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.