“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy ilkinji gezek strimingde görkeziler

16.12.2024, 02:022,085

Amerikan kinoakademiýasy “Oskar” baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy barada giňişleýin maglumat berdi. Taryhda ilkinji gezek baýrak akym hyzmatynda ýaýlyma berler. Dabaraly çäräni Hulu platformasy görkezer diýip, Variety habar berýär.

Şeýle-de, dabara ABC teleýaýlymynda adaty formatda görkeziler. Baýragyň gowşurylyş dabarasyny komik Konan O’Braýen alyp barar.
Dabara 2025-nji ýylyň 2-nji martyndan 3-nji martyna geçilýän gije bolar. Birnäçe kategoriýada gysga sanawlar 17-nji dekabrda yglan ediler, dalaşgärler 17-nji ýanwarda belli bolar.
Şeýle-de, dabaranyň resmi posteri (bildiriş) hödürlendi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.