Apple 2024-nji ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny yglan etdi

04.01.2025, 16:013,530

Apple ýylyň jemini jemläp, App Store Awards 2024-üň ýeňijilerini yglan etdi. App Store redaktorlary ulanyjylaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga kömek eden we medeniýetde yz galdyran 18 programmany we oýny atlandyrdylar.

Iň gowy programmalar:

  • ·iPhone: Kino – professional wideolary surata düşürmek üçin gural. Programma tölegli.
  • ·iPad: Moises – aýdymlarda sesi instrumentaldan aýratynlandyrmak üçin programma. Emeli aň aýdymy klawişli, deprekli, gitaraly, basly we sesli aýry-aýry treklere bölýär. Mugt, içinde satyn almalar bar.
  • ·Mac: Adobe Lightroom – ýazylyşyk boýunça elýeterli bolan meşhur grafiki redaktor.
  • ·Apple Vision Pro: What If..? An Immersive Story – Marvel multi-älemi boýunça interaktiw başdangeçirmeler. Programma Marvel we Disney+ tarapyndan döredildi. Mugt.
  • ·Apple Watch: Lumy – Gün şöhlesini, Aý fazalaryny yzarlamak we ýyldyzlara gözegçilik etmek üçin programma. Tölegli.
  • ·Apple TV: F1 TV – Formula-1 ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin platforma.

Iň gowy oýunlar:

  • ·iPhone: AFK Journey – gacha elementleri bolan RPG strategiýasy – oýunçy ýeňmek üçin zerur pursatda duşmana hüjüm etmeli. Mugt, oýnuň içinde satyn almalar bar.
  • ·iPad: Squad Busters – köp ulanyjyly oýun. Tanyş personažlardan topar ýygnap, 10 oýunçy üçin oýna başlamak bolýar. Her oýun özboluşly bolup, personažlar ösdürilip bilner. Mugt, içinde satyn almalar bar.
  • ·Mac: Thank Goodness You’re Here! – absurd degişme bilen başdangeçirmeler oýny. Oýunça şäheriň ýaşaýjylary üçin dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek teklip edilýär. Oýun tankytçylaryň ýokary bahalaryna eýe boldy. Tölegli.
  • ·Apple Vision Pro: THRASHER: Arcade Odyssey – wizual effektler bilen dinamiki arkada. Tölegli.
  • ·Apple Arcade: Balatro+ - özboluşly mehanikaly rogalik.

“Medeni täsir” nominasiýasynda ýeňijiler:

  • ·Oko – gözi görmeýänler we gowşak görýänler üçin nawigasiýa.
  • ·EF Hello – emeli aň bilen dil öwrenmek.
  • ·DailyArt – her gün bir sungat eserini görkezýär we onuň taryhyny gürrüň berýär.
  • ·NYT Games – krossword, sudoku we Wordle ýaly oýunlar.
  • ·The Wreck – wizual nowella.
  • ·Do You Really Want to Know 2 – AIW-li durmuşyň nýuanslary barada tekst oýny.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.