Insaýder iPhone 17 Pro -nyň täze dizaýnyny açdy

07.01.2025, 15:2412,348
1 / 2

Majin Bu lakamy bilen tanalýan insaýder ýakyn wagtda çykjak iPhone 17 Pro smartfonlarynyň täze renderlerini çap etdi.

“Maňa aýtmaklaryna görä, iPhone 17 Pro-nyň häzirki prototiplerinde kameranyň blogy modullardaky ýerleşişini saklaýar. Şeýle-de bolsa, ölçegi çalşan, wspyşkanyň ýerleşýän ýeri we Lidar datçigi üýtgän ýaly "- diýip, maglumat beriji belledi.

Şeýle hem, ol täze önümleriň bolup biläýjek reňklerinde görkezilen şekillerini  paýlaşdy.
Maglumat beriji Majin Bu ozal iPad mini, iPhone 12-niň reňkleri, iPhone 15 -iň kemçilikleri barada takyk maglumatlary aýan edipdi, şeýle hem ilkinji bolup iPhone 16 -nyň takyk foto maketlerini neşir edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.