Son Hyn Min “Tottenhem” bilen täze şertnama baglaşdy

08.01.2025, 14:384,899

Londonyň “Tottenhem” futbol kluby öz resmi saýtynda günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Min bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy bilen täze şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

Son 2015-nji ýylyň awgust aýynda “Tottenhemiň” oýunçysy boldy. Bu döwürde futbolçy 431 oýna gatnaşdy – ol bu görkeziji boýunça klub taryhynda 11-nji orny eýeleýär. Son toparyň düzüminde 169 gol geçirdi, bu hem onuň taryhynda dördünji görkezijidir.
Transfermarkt internet portaly 32 ýaşly koreýalynyň bazar bahasyny 38 mln ýewro diýip hasaplaýar. Angliýanyň Premýer-ligasynyň klubuna gelmezden öň, Son Hyn Min Germaniýanyň “Gamburg” we “Baýer” klublarynda, şeýle-de koreý çempionatynyň birnäçe toparynda çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.