EA Sports FC 25-de ýylyň iň gowy futbolçylary üçin ses berişlik başlandy

09.01.2025, 16:126,604
1 / 2

Oýunlary çykarýan kompaniýa bolan Electronic Arts 2024-nji ýylyň iň gowy futbolçylarynyň ýygyndysy üçin ses berişligiň başlandygyny habar berdi. Işläp düzüjiler geýmerlere Ýewropanyň öňdebaryjy 5 ligasyndan iň gowy 11 oýunçyny saýlamagy teklip edýär.

Saýlanan oýunçylar EA Sports FC 25-de Ultimate Team režiminde güýçlendirilen wersiýalarda peýda bolar. Bellenilişi ýaly, has kämilleşdirilen kartoçkalary oýnuň içindäki toplumlardan almak ýa-da transfer bazarynda ýeterlik derejede ýokary bahadan satyn almak bolar.
Electronic Arts-yň resmi saýtynda 2024-nji ýylyň hem erkekler, hem zenanlar toparyny ýygnamak bolýar. Ses berişlik ýanwar aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.