Amerikaly artistler Türkmenistanyň dört şäherinde konsert bilen çykyş ederler

11.01.2025, 19:5514,781

13-24-nji ýanwarda Türkmenistanyň dört şäherinde amerikaly artistler Keýt Bassyň, Aaron Ýangyň we Riçard Staýgneriň gatnaşmagynda "Broadway and Beyond" atly konsertler geçiriler. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistanyň ilçihanasy habar berdi.

Saparyň dowamynda olar türkmen kärdeşleri bilen hünär alyş-calyş çärelerine gatnaşyp, bilelikdäki amerikan – türkmen konsertlerinde çykyş ederler. "Broadway and Beyond" atly konsertler Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Daşoguzda geçiriler. ABŞ-nyň ilçihanasy konsertleriň hemmeler üçin açyk bolup, zallaryň tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä dolduryljakdygyny habar berýär.
Konsertleriň geçiriljek seneleri we ýerleri:

  • Aşgabat ş., 16-njy ýanwar, penşenbe, 19:00. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi;
  • Türkmenbaşy ş., 18-nji ýanwar, şenbe, 19:00. "Türkmennebit" döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumy;
  • Balkanabat ş., 20-nji ýanwar, duşenbe, 19:00. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
  • Daşoguz ş., 22-nji ýanwar, çarşenbe, 19:00. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
  • Aşgabat ş., 24-nji ýanwar, anna, 19:00. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.