Tesla Model Y 2025 uly gyzgalaň döredip, bir günde 50 000 sargyt ýygnady

15.01.2025, 11:525,872

Hytaýda täze Tesla Model Y 2025 üçin sargytlar kabul edilip başlanandan soň ilkinji bir günüň dowamynda 50 000-den gowrak sargyt gelip gowuşdy. Bu garaşma möhletiniň uzakdygyna garamazdan şeýle boldy diýip, CarNewsChina ýazýar.

Tesla China-nyň maglumatlaryna görä, model iki görnüşde elýeterli: 35 950 dollar baha bilen yzky herekete getirijili we 41 400 dollar baha bilen doly herekete getirijili. Awtomobilleriň ilkinji üpjünçiliginiň mart aýynda bolmagyna garaşylýar, ýöne indi sargyt edýänler aprel ýa-da maý aýyna çenli garaşmaly bolar.
Hytaýda Model Y-nyň köne wersiýasy uly arzanladyş bilen satylyp başlandy, ýöne alyjylaryň köpüsini onuň köne däl-de, täze nesli has gyzyklandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.