“Real” bir möwsümde girdejisi 1 mlrd ýewrodan geçen taryhda ilkinji klub boldy

24.01.2025, 14:557,926

Halkara konsalting kompaniýasy Deloitte futbol klublarynyň girdejileri barada ýyllyk hasabatyny hödürledi. 2023/24 möwsüminiň jemi boýunça Madridiň “Realy” birinji orny eýeläp, möwsümdäki girdejisi 1 mlrd ýewrodan geçen taryhda ilkinji klub boldy – 1,046 mlrd ýewro.

“Realyň” girdejisi täzelenen “Santýago Bernabeu” stadionynda oýun geçirmekden gelýän girdejiniň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Hasabata görä, girdeji geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 103% ýokarlandy.
Reýtingiň ikinji ornunda “Mançester Siti” (838 mln ýewro), üçünji ornunda “Pari Sen-Žermen” (806 mln) ýerleşýär. Şeýle-de, ilkinji onluga şu aşakdakylar girdi:

  • ·“Mançester Ýunaýted” (771 mln)
  • ·“Bawariýa” (765 mln)
  • ·“Barselona” (760 mln)
  • ·“Arsenal” (717 mln)
  • ·“Liwerpul” (715 mln)
  • ·“Tottenhem” (615 mln)
  • ·“Çelsi” (546 mln)

Reýtingdäki 20 klubuň umumy girdejisi rekord 11,2 mlrd ýewro boldy, bu geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 6% köpdür.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.