Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlandy

27.01.2025, 08:3811,241

Belarus Respublikasynyň häzirki Baştutany Aleksandr Lukaşenko täze prezidentlik möhletine gaýtadan saýlandy. Muny respublikanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatlary delillendirýär diýip, RBK habar berýär.

MSK-nyň ýolbaşçysy Igor Karpenko metbugat maslahatynda häzirki Prezidente saýlawçylaryň 86,82%-iniň ses berendigini aýtdy.
Belarus Respublikasynda Prezident saýlawlary 26-njy ýanwarda geçirildi. Lukaşenkodan başga-da oňa dört dalaşgär gatnaşdy.
Aleksandr Lukaşenko ilkinji gezek 1994-nji ýylyň iýul aýynda Belarusyň Prezidenti saýlanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.