Ispaniýanyň milli ýygyndysy Luis de la Fuente bilen şertnamany uzaltdy

28.01.2025, 17:213,171

Patyşalyk ispan futbol federasiýasy baş tälimçi Luis de la Fuente bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Hünärmen bilen täze şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder.

Luis de la Fuente Ispaniýanyň milli ýygyndysyna 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ýolbaşçy boldy. Ol bu wezipede Katardaky dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Marokkodan utulandan soň wezipeden giden Luis Enrikäniň ornuny çalyşdy. Fuenteniň ýolbaşçylygynda milli topar Ýewropa çempionaty – 2024-üň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň finalynda ispaniýalylar Angliýany 2:1 hasabynda utdy. Häzir toparyň hasabynda dört kubok bar. Onuň ýakyn bäsdeşi üç kubogy bolan Germaniýadyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.