FIFA we adidas Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-iň resmi topuny görkezdi

01.02.2025, 10:514,563

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) bilen adidas kompaniýasy 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň resmi topuny hödürledi. Ýaryş tomusda ABŞ-da geçiriler we taryhda 21-nji ýaryş bolar.

Ýaryş ilkinji gezek alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçiriler.
Final 2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäherindäki “Metlaýf” stadionynda geçer.
Klublaýyn dünýä çempionatynyň häzirki ýeňijisi Angliýanyň “Mançester Siti” klubudyr. 2023-nji ýylda topar finalda Braziliýanyň “Fluminense” klubuny utdy.a

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.