Neýmar “Santosda” meşhur Peläniň 10-njy belgisini aldy

02.02.2025, 21:4414,415
1 / 2

Braziliýaly hüjümçi Neýmar 12 ýyldan soň ýene “Santosyň” oýunçysy boldy. Bu klubda ol birwagtlar Pelä degişli bolan 10-njy belgini aldy. Bu barada toparyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi.

32 ýaşly futbolçy ýene-de bu toparda oýnamakdan hoşaldygyny aýdýar.

“Şa Pele, siziň islegleriňiz – meniň buýruklarym. Tagt we täç hemişe siziňki bolar. Sebäbi siz baky. Ýöne 10-njy belgi... “Santos” we dünýä üçin uly ähmiýete eýe bolan mukaddes köýnekçäni geýmek – mertebe bolar. Men siziň rowaýatyňyza hormat goýmagy dowam etdirmek üçin mümkin bolan ähli zady ederin, şa Pele” – diýip, Neýmar braziliýaly klubuň metbugat gullugy tarapyndan ýerleşdirilen wideoda aýtdy.

Neýmar “Santosda” 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda oýnady. Ol bu döwürde topar üçin 225 oýna gatnaşyp, 136 gol geçirdi we 64 assist etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 15 mln ýewro barabar.