Manuel Noýer “Bawariýa” bilen şertnamasyny uzaltdy

04.02.2025, 14:525,527

“Bawariýa” derwezeban Manuel Noýer bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada nemes futbol klubunyň saýtynda habar berilýär.

Şertnama 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder. Indiki möwsüm 38 ýaşly türgen üçin mýunhenlileriň düzüminde 15-nji bolar.
Noýer “Bawariýa” toparyna 2011-nji ýylyň tomsunda geçdi. Klubuň düzüminde 11 gezek Germaniýanyň çempionatyny, ýedi gezek Germaniýanyň Superkubogyny, bäş gezek Kubogyny utdy. Şeýle-de, Noýer Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň, Klublaýyn çempionatyň iki gezek ýeňijisi boldy.
Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Noýer 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ol ýygyndydaky çykyşyny geçen ýylyň tomsunda tamamlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.