Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda nebitgaz toplumy boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitledi

07.02.2025, 23:067,851

7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler barada durup geçdi.

«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan –Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu gaz geçirijiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý bolan ýataklary we geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow wise-premýere:

  • Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi;
  • uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi;
  • gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etmegi;
  • nebitgaz senagaty boýunça  hünärmenleriň hünär derejesini hem yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.