“Bawariýa” Jamal Musiala bilen şertnamany uzaltdy

15.02.2025, 08:204,413
1 / 2

Mýunheniň “Bawariýasy” resmi saýtynda hüjümçi ýarymgoragçy Jamal Musiala bilen şertnamanyň uzaldylandygyny habar berdi. Taraplaryň arasyndaky täze ylalaşyk 2030-njy ýyla çenli hereket eder.

Klub şertnamanyň maliýe taraplary barada aýtmady.
Öň, KHBS-de “Bawariýa” bilen Musialanyň arasyndaky gepleşiklerde düşünişmezlikleriň ýüze çykandygy habar berildi. Klub  täze şertnama klub bilen şertnamany ýatyrmak üçin kesgitlenen töleg mukdaryny goşmak islemedi, 21 ýaşly futbolçy bolsa onuň goşulmagyny gazandy.
Häzirki möwsümde Musiala ähli ýaryşlarda 24 oýna gatnaşyp, 14 gol we alty netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň klub bilen öňki zähmet şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Musialanyň bazar bahasy 140 mln ýewro barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.