Mark Sukerberg “Sosial ulgam” filmindäki futbolkany geýýär

04.04.2025, 06:143,378
1 / 2

Mark Sukerberg auksionda Facebook-yň döredilişi baradaky “Sosial ulgam” filminde Jessi Aýzenbergiň geýen futbolkasyny satyn aldy.

Milliarder “Kolin we Samir şüweleňinde” Ardsley High School ýazgyly futbolkada peýda boldy – bu onuň okan orta mekdebiniň ady. Alypbaryjy Samir logotipi tanap, ondan bu futbolkanyň filmdendigini ýa-da däldigini sorady.

“Ýalňyşýan bolsam, meni düzediň, ýöne siziň egniňizdäki “Sosial ulgamda”, haçan-da Eduardo Palo-Altodaky öýe gelende, Jessi Aýzenbergiň geýen futbolkasy dälmi?” – diýip, ol sorady.

“Hawa, bu dogry, - diýip, Sukerberg jogap berdi. – dostlarymyň biri ony auksionda görüp, “Sen muny satyn almaly” diýdi. Menem “Bolýar, satyn alaly” diýdim.

Işewüriň aýtmagyna görä, bu göçürme nusgasy däl-de, Aýzenbergiň filmiň surata düşürilişinde geýen hakyky futbolkasy. Sukerberg ony 4095 dollara satyn aldy.

“Indi bu meniň futbolkam” – diýip, ol belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.