Xiaomi kompaniýasy 15s Pro flagmanyny we kofe ysly Civi 5 Pro smartfonyny hödürledi

24.05.2025, 13:074,194
1 / 2

Xiaomi-niň 15 ýyllygy mynasybetli Hytaýda kompaniýanyň uly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we onda beýlekiler bilen bir hatarda, iki sany täze smartfon hödürlendi: kompaniýanyň öz prosessoryny alan Xiaomi 15s Pro flagmany we Leica kameraly orta derejeli Civi 5 Pro modeli.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Xiaomi 15s Pro-da oturdylan XRing 01 firma çipseti AnTuTu-da 3 milliondan gowrak bal gazandy we köp ugurly režimde Apple A18 Pro-dan öňe geçýär.
Xiaomi 15s Pro-nyň tehniki aýratynlyklary:

  • ·Göwrümi: 161,3×75,3×8,33 mm, 216 g;
  • ·Displeý: 6,73 dýuým, LTPO OLED, 3200×1440, 1-120 Gs, iň ýokary ýagtylyk 3200 nite çenli;
  • ·Prosessor: 10 ýadroly XRing 01;
  • ·Ýat: 16 GB LPDDR5X operatiw ýady + 512 GB/1 TB UFS 4.1 hemişelik ýady;
  • ·Kameralar: esasy – 50 Mp, ultra giňburçly – 50 Mp, telefoto-kamera – 50 Mp, frontal – 32 Mp.
  • ·Batareýa: Si-C 6100 mA/sag, 90 Wt çalt zarýad alyş;
  • ·OS: Android 15 (HyperOS 2).

Şeýle-de, Xiaomi awtomobilleriniň gapylaryny gulpdan açmak üçin UWB goldawy bar.

Xiaomi Civi 5 Pro smartfony gyralary aýlaw, alýumin korpusa we tutmak üçin ykjam ine eýe boldy. Gurluşyň kamerasy Leica-nyň gatnaşmagynda düzüldi: esasy sensor – Light Fusion 800, linzalar – Leica Summilux.
Xiaomi Civi 5 Pro-nyň tehniki aýratynlyklary:

  • ·Göwrümi: 157,05×73,2×7,45 mm, 184 g;
  • ·Displeý: 6,55 dýuým, 2750×1236, AMOLED, 120 GS, 3200 nite çenli ýagtylyk, Gorilla Glass 8 gorag aýnasy;
  • ·Prosessor: 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 8s Gen 4;
  • ·Ýat: 12/16 GB LPDDR5X operatiw, 256/512 GB UFS 4.0 hemişelik.
  • ·Kameralar: esasy – 50 Mp, teleobýektiw – 50 Mp, giňburçly – 12 Mp, frontal – 50 Mp.
  • ·Batareýa: 6000 mA/sag, 67 Wt çalt zarýad alyş;
  • ·Arabaglanyşyk: USB-C, Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4, GPS, LTE, 5G, Dual SIM, NFC, IrDA
  • ·OS: HyperOS 2

Gajetde kremniý-uglerod elementi ulanyldy, bu hem öňki model bilen deňeşdirilende akkumulýator sygymyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Energiýany dolandyrmaga Xiaomi Surge G1 çibi jogap berýär.  
Dört esasy reňkden başga-da, smartfonyň tebigy kofe löderesi goşulan eko-deriden taýýarlanan örtükli ýörite wersiýasy bar. Şol sebäpli smartfon “ýeňil kofe ysyny” berýär.

  • Hytaýda Xiaomi 15s Pro-nyň bahasy 5499 ýuandan (takmynan, $765) başlaýar.
  • Civi 5 Pro modeliniň bahasy 2999 ýuandan (takmynan, $415) başlaýar. 
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.