Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

15.11.2025, 04:347,699

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.