22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

22.04.2026, 12:087,523
1 / 7

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer.

​«Günüň dogşy» (Project Sunrise) diýlip atlandyrylýan taslamanyň çäginde ýolagçylar ýörite dizaýn edilen Airbus A350-1000ULR laýnerlerinde 22 sagatlap howada bolarlar. Yzygiderli gatnawlaryň 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda başlamagy meýilleşdirilýär.

​Täze uçar 20 000 litrlik goşmaça ýangyç bagy bilen enjamlaşdyrylyp, arakesmesiz örän uzak aralyklary aşmaga ukyplydyr.

Ýolagçylaryň rahatlygy üçin oturgyçlaryň sany adaty 300-den 238-e çenli azaldyldy. Boş ýerde bolsa islendik klasdaky ýolagçylaryň maşk edip, bedenini ýazyp bilmegi üçin ýörite tutawaçly we wideo-gözükdirijili zolak döredildi.

Ekonom-klasda oturgyçlaryň arasynyň uzaklygy 83,8 sm bolar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji Turkish Airlines-da 81,3 sm, býujet awiakompaniýalarynda bolsa 76,2 santimetre deňdir. Birinji klasda bolsa ýolagçylara aýratyn ýatylýan düşekler we «A380» uçaryndakydan 50% has köp giňişlik hödürlener.

​Qantas kompaniýasynyň baş direktory Wanessa Hadsonyň bellemegine görä, uçaryň içki bezegi sagat guşaklyklarynyň çalt çalşygy sebäpli döräp biljek biynjalyk ýagdaýlary azaltmak üçin ylmy esasda işlenip düzüldi.

​«Bu gatnawlar ýol wagtyny 4 sagat gysgaldýan bolsa-da, ylmy dizaýn arkaly ýolagçylaryň özüni duýşuny has-da gowulandyryp, uzak syýahatlar baradaky düşünjäni bütinleý üýtgetmäge ukyplydyr» diýip, Hadson täze taslamanyň ähmiýetini nygtaýar.

​Häzirki wagtda ilkinji uçar Tuluzada ýerdäki barlaglardan geçýär we iki aýlyk synag uçuşlaryna taýýarlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.