TCL dünýäde ilkinji dört režimli monitoryny taýýarlaýar

26.04.2026, 05:012,104
1 / 2

TCL CSOT kompaniýasy bazara dört režimi özünde jemleýän ilkinji monitoryny çykarmaga taýýarlyk görýär. Täze önüm ekranyň täzeleniş ýygylygyny 160 Hz-den 640 Hz-e çenli dürli derejelerde üýtgedip biler.

​Enjam baradaky anyk maglumatlar entek çäkli. Olaryň mälim bolanlaryndan çen tutsaň, ýokary çözgütde täzeleniş ýygylygy 160 Hz bolar. Ýöne şekiliň çözgüdini peselden ýagdaýyňda ondan-da ýokarlandyrmak mümkin.

​Çaklamalara görä, gürrüň 4K çözgütli panel barada gidýär; ol 1440p, 1080p we 720p tertiplerine geçip bilýär. Matrisanyň görnüşi barada belli bir zat aýdylanok.

​Monitoryň üçünji çärýekde satuwa çykmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, bu möhlete çenli beýleki öndürijileriň hem şoňa meňzeş çözgütleri hödürlemek ähtimallygy bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.