«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

21.04.2026, 19:224,278
1 / 2

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi.

Bu üstünlik parižlileriň öz taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagy, şeýle hem UEFA-nyň Superkubogyny, Yklymara kubogy we Fransiýanyň ähli içerki kuboklaryny (çempionaty, Kubogy we Superkubogy) utmagy bilen ajaýyp möwsümi görkezmeginiň netijesi boldy.

Toparlaýyn üstünlikden başga-da, baýragyň bilermenler geňeşi dürli kategoriýalar boýunça şahsy üstünlikleri hem belledi:

  • Ýylyň ýaş türgeni: Lamin Ýamal («Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy).
  • Ýylyň öňegidişligi: Lando Norris (britaniýaly sürüji, «Formula-1-iň» dünýä çempiony).
  • Ýylyň gaýdyp gelmesi: Rori Makilroý (demirgazyk irlandiýaly golfçy).
  • Sport ylhamy: Toni Kroos (Madridiň «Realynyň» we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy).
  • Ekstremal sport görnüşleri boýunça iň gowy türgen: Hloýa Kim (amerikaly snoubordçy).
  • Iň gowy paraatlet: Gabriel Arauho (braziliýaly suwda ýüzüji).
  • Karýerada gazanan üstünlikleri üçin baýrak: Nadýa Komaneçi (sport gimnastikasy boýunça bäş gezek olimpiýa çempiony, Rumyniýa).

Laureus baýragy geçen ýylyň netijeleri boýunça sportdaky iň ähmiýetli üstünlikler üçin berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.