Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

13.05.2026, 07:164,079

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy.

Türgene eýýäm degişli şahadatnama gowşuryldy. Bu resminama onuň 60 sekundyň içinde şeýle ýokary tizlikde top galdyrmagy başaran dünýädäki ilkinji adamdygyny tassyklaýar.

Bu koreýaly futbolçynyň şeýle ugurdaky ilkinji üstünligi däl. Mundan ozal Çžan Wu Son topy iki aýagy bilen gezekleşdirip galdyrmak boýunça hem dünýä rekordyny goýupdy. Onuň iki aýakda topy düşürmän saklamak boýunça birinji synanyşygy minutda 209 gezek bolupdy. Soňra ol öz netijesini has-da gowulandyryp, ony minutda 226 gezege ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.