Amazon täze wideooýun hödürleýär. Onda Arnold Şwarsenegger kazynyň keşbinde

Şu gün, 06:14640

Amazon Games bulutly oýun platformasy bolan Luna-da täze «Courtroom Chaos» oýnuny hödürledi. Onda Arnold Şwarseneggeriň sanly görnüşi kazynyň keşbini ýerine ýetirýär.

Bu taslama ozal Snoop Dogg-yň emin bolup çykyş etmegindäki şol bir äheňli oýnuň dowamy bolup durýar. Oýny «GameNight» studiýasy işläp düzýär.

Oýunda oýunçylar öz haklylygyny wirtual kaza ynandyrmak teklip edilýär. Gatnaşyjy ýeke oýnalýan sahnada bir deliliň kömegi bilen kazyýetiň goldawyny gazanmaly. Köp oýunçyly görnüşde bolsa, iki-alty adamdan ybarat toparlar ulanyjylaryň girizen maglumatlary esasynda emele gelen işler boýunça öz delillerini öňe sürüp, özara bäsleşýärler. Sanly Arnold Şwarsenegger bolsa delilleri seljerýär we özüne mahsus  ýagdaýda çözgüt çykarýar.

«Courtroom Chaos» oýnunyň çykarylmagy Amazon kompaniýasynyň Luna hyzmatyny ösdürmekdäki nobatdaky ädimi boldy. Kompaniýa elýeterli oýun görnüşlerine we meşhur şahslaryň gatnaşmagyndaky taslamalara bil baglap, bulutly platformasynyň goruny giňeltmegini dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.