Galkynyş döwrüniň freskalary halas ediler: Watikan Rafaeliň Lojiýasyny dikeltmek işine başlaýar

Şu gün, 14:111
1 / 2

Watikanda muzeý işiniň taryhynda iň bir giň gerimli we irnik dikeldiş taslamalarynyň birine, ýagny meşhur Rafaeliň Lojiýasynyň dikeldiş işlerine başlanandygy mälim edildi.

20-den gowrak ýokary hünärli hünärmenlerden ybarat topar Apostol köşgüniň 65 metrlik galereýasynda işe başlady. Bäş ýyllyk taslamanyň esasy maksady Köne we Täze Ähtden sahnalary şekillendirýän freskalaryň özboluşly tapgyryny halas etmek we olaryň uzak möhletli saklanmagyny üpjün etmekdir.

Giň gerimli dikeldiş işlerine başlamak baradaky karar 2019-njy we 2024-nji ýyllar aralygynda geçirilen iki synag tapgyry üstünlikli tamamlanandan soň kabul edildi. Şu döwürde hünärmenler häzirki zaman tehnologiýalaryny synagdan geçirdiler, indsi olary tutuş boýag siklinde ulanylmagy meýilleşdirýärler. Dikeldiş işlerini geçirmek zerurdy, sebäbi geçen asyrlarda owranyp dökülýän boýagy berkitmek üçin ýelimli düzümler ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu ýelim zaýalanyp we boýag gatlagynyň soyulmagyna sebäp bolupdyr.

Rafaeliň Lojiýasy 1517-1519-njy ýyllar aralygynda ussadyň özi we onuň okuwçylary tarapyndan Papa Leo X sargydy bilen döredildi. Galereýanyň giňişligi 13 bölege bölnen. Desga uzak wagtlap açyk howada galypdyr. Ilkinji gorag penjireleri diňe XIX asyryň başlarynda heýkeltaraş Antonio Kanowanyň ýolbaşçylygynda gurnaldy, ýöne bu doly konserwasiýa üçin ýeterlik däldi. Şonuň üçin häzirki wagtda galereýada durnukly mikroklimaty saklajak ösen aýna ulgamy gurnalýar.

Dikeldiş prosesinde hünärmenler suratlary süýümli lazerler arkaly üns bilen arassalap, boýag gatlagyny berkiderler.

Taslama berk ylmy dikeldiş ýörelgelerine esaslanýar: dikeldilen ähli bölekler muzeýe gelýänlere XVI asyryň asyl suratlaryny soňraky goşulan suratlardan aňsatlyk bilen tapawutlandyrmaga mümkinçilik berer ýaly dizaýn ediler. Häzirki wagtda işler galereýanyň dört böleginde alnyp barylýar, soňlugy bilen olar tutuş dälizi öz içine alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.