Ýewropadaky yssy howa Eýfel diňiniň boýuny 10 sm «ösdürdi»

Şu gün, 12:411,233
1 / 3

Ýewropada dowam edýän aşa yssy howa Pariždäki Eýfel diňiniň beýikliginiň 10 sm artmagyna getirdi. «RTL» neşiriniň bellemegine görä, bu üýtgeşmeler adamyň gözüne bildirtmeýär we Fransiýanyň baş nyşany üçin bütinleý howpsuzdyr.

«Demir hanymyň» beýikligine näme täsir edýär?

Meşhur diň 1889-njy ýylda Bütindünýä sergisine niýetlenip guruldy we ilkibaşda onuň beýikligi dogry 300 metre barabardy. Şu günki günde bolsa ol 330 metre ýetdi — bu XX we XXI asyrlaryň dowamynda diňiň depesinde yzygiderli gurnalan birnäçe radio we teleantennalaryň netijesinde şeýle boldy. Ýöne hatda bu görkeziji hem hemişelik däl, sebäbi pasla we howanyň temperaturasyna baglylykda diň öz ölçeglerini birnäçe santimetr üýtgedýär.

Bu üýtgemeleriň sebäbi desganyň gurluşygynda ulanylan material bilen baglanyşyklydyr. Inženerler gurluşykda uglerod artykmaçlygyndan arassalanan metaly – galaýy çaýylan demri ulandy, bu bolsa bir wagtda hem ýeňil, hem-de çydamly konstruksiýany döretmäge mümkinçilik berdi.

Inžener, arhitektor we taryhçy Bertran Leman bu prosesi şeýle düşündirdi:

«Galaýy çaýylan demir yssynyň täsiri bilen giňelýär. Soňra temperatura peselende, ol ýene-de gysylýar».

Hünärmeniň sözlerine görä, -10 °C-dan +40 °C-a çenli temperatura üýtgemelerinde, diň, takmynan 10 sm «ösmäge», ýagny her 10 gradus üçin iki santimetr töweregi goşup bilýär.

Günüň yzy bilen hereket we ýyldyrymyň çakmagy

Beýikliginiň üýtgemeginden başga-da, Eýfel diňi gündizine birmeňzeş gyzmazlygy sebäpli gapdala tarap sähelçe gyşarýar — ol sözüň doly manysynda Günüň asmandaky hereketini yzarlaýar.

Leman bu hadysany şeýle düşündirýär:

«Gün aýlananda, ilki bilen gündogar tarap, soňra günorta we ahyrynda günbatar tarap gyzýar. Bu üç tarap demirgazykdaky tarapa garanyňda has köp giňelýär. Gün öwrülende, giňelen bölek hem ýerini üýtgedýär we gijäniň dowamynda öňki ýagdaýyna dolanýar».

Soňky günlerde dowam edýän yssy howa bu taryhy desga üçin ýeke-täk tebigy synag bolmady. Ýekşenbe güni, 28-nji iýunda şäher ýaşaýjylary diňiň depesine ýyldyrymyň çakan pursatyny kamera düşürdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.