Çilidäki Wera Rubin obserwatoriýasy resmi taýdan on ýyllyk ylmy maksatnamany amala aşymaga girişdi. Taryhda iň uly sanly kamera bilen enjamlaşdyrylan bu kamera günorta asmanyna gözegçilik eder.
Teleskop her gije ýüzlerçe suraty düşürip, Akmaýanyň Ýolunyň we uzak galaktikalaryň ýyldyzlarynyň giňişleýin kartasyny döreder. Ýokary tizlikde surata alşyň netijesinde alymlar öň anyklanmadyk örän öçüksi kosmiki jisimleri tapmagy umyt edýärler.
“Dünýäde köp sanly alymlaryň bu maglumatlar toplumy bilen işleýşini we Älemi öň hiç haçan mümkin bolmadyk usullar bilen öwrenişini göreris” - diýip, obserwatoriýanyň ulanyş boýunça direktorynyň orunbasary Fil Marşall belledi.
Obserwatoriýa ilkinji suratlaryny geçen ýyl çap edipdi. Enjamlary gurnamak işleri tamamlanandan soň, hünärmenler esasy ylmy maksatnamany durmuşa geçirmäge başladylar. Alnan maglumatlaryň galaktikalaryň emele gelme proseslerine we Älemiň milliardlarça ýylyň dowamyndaky ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge kömek etmegine garaşylýar.