ABŞ-nyň Hökümet etikasy boýunça müdiriýeti Prezident Donald Trampyň 2025-nji ýyl üçin 927 sahypadan ybarat maliýe deklarasiýasyny çap etdi diýip, CNBC teleýaýlymy habar berýär.
Deklarasiýa laýyklykda, Amerika lideriniň sanly aktiwler bilen geçirilen dürli amallardan gazanan girdejisi ýarym milliard dollardan geçdi.
Hususan-da, Tramp ogullary bilen bilelikde esaslandyran World Liberty Financial kompaniýasynyň tokenlerini satmakdan takmynan 515 million dollar girdeji gazandy. Şeýle hem, şol bir kripto-kärhananyň holding gurluşyndaky paýlarynyň satylmagy oňa ýene 65 million dollar girdeji getirdi.
Reuters agentligi bolsa Trampyň şahsy «TRUMP» brendi astynda çykarylan mem-koinleriň satylmagyndan gazanylan 635 million dollar girdejini aýratyn belleýär. Agentligiň çaklamalaryna görä, bu hasabatyň çap edilmegi Trampyň maşgala kripto-biznesinden gazanan girdejileriniň möçberini aýdyň görmäge mümkinçilik berýär – ol prezidentlik wezipesine dolanany bäri, Trampyň maşgalasy öz taslamalaryna maýadarlardan azyndan 2,3 milliard dollar serişde çekmegi başardy.
Prezidentiň deklarasiýasynda biznes girdejilerinden başga-da, beýleki şahslardan alnan umumy bahasy 370 müň dollardan gowrak bolan sowgatlar hem hasaba alyndy. Bular esasan iň iri sport çärelerine, ýagny futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna, Superboul we UFC ýaryşlaryna berlen peteklerdir.
Mundan başga-da, deklarasiýada agzalýan gymmat bahaly önümleriň arasynda bahasy 250 müň dollar bolan şahsy heýkel hem bar. Heýkelde Tramp janyna howp salnan pursatynda ýumrugyny düwüp, ýokary galdyryp duran görnüşde şekillendirilipdir.