Beýik Britaniýanyň hökümeti käbir migrantlary döwlet tarapyndan gaçybatalga berlen döwründe olaryň ýaşaýyş we esasy durmuş şertleri üçin çykarylan çykdajylary yzyna tölemäge borçly etmegi meýilleşdirýär.
Reuters-iň berýän maglumatyna görä, migrantlar hemişelik ýaşaýyş hukugyny alanyndan soň, bu tölegiň möçberi 10 müň funt sterlinge (takmynan 13,2 müň dollara) çenli ýetip biler.
Täze düzgün diňe bu çykdajylary tölemäge maddy taýdan ukyby bolan uly ýaşly migrantlara degişli bolar. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler tarapyndan migrantlaryň maddy ýagdaýynyň çeninden aşa erbetleşmeginiň öňüni aljak çäreleriň göz öňünde tutuljakdygy mälim edildi. Bu täze talaplar öňki döwürlere degişli edilmez.
Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, gaçybatalga soraýan bir adamy wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirmek döwlete gije-gündizde ortaça 22,7 funt sterlinge, myhmanhanada ýerleşdirmek bolsa takmynan 140,6 funt sterlinge düşýär. Mundan başga-da, migrantlara ýaşamak üçin her hepde pul serişdesi hem berilýär.
Geçen ýyl Beýik Britaniýanyň gaçybatalga soraýanlary ýerleşdirmek we goldamak üçin eden umumy çykdajylary takmynan 3,9 milliard funt sterlinge (takmynan 5,3 milliard dollara) barabar boldy.