Iýun aýynda Ýewropada rekord derejede aşa yssy howa hasaba alyndy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) aýtmagyna görä, bu ýagdaý dünýäde täze klimat çökgünliginiň başlanandygyny görkezýär. Indi şeýle aşa ýokary temperaturalar yzygiderli gaýtalanyp durar we bu adaty ýagdaýa öwrüler.
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Anri Klýuge Ýewropa sebitiniň dünýädäki ortaça görkezijiden iki esse has çalt gyzýandygyny belleýär. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki dowam edýän yssylar geljekde boljak zatlaryň «diňe bir taýýarlygydyr». Şeýle aşa yssylar bütin dünýäde mundan bu ýana has ýygy gaýtalanar, has uzak dowam eder we has-da güýçlener.
Fransiýada 24-nji iýundan bäri aşa yssy howa zerarly garaşylýandan artykmaç 1 müňden gowrak ölüm ýagdaýy hasaba alyndy. Ýogalanlaryň agramly bölegini 65 ýaşdan uly adamlar düzýär. Birnäçe şäherlerde gyssagly kömek gulluklaryna edilýän jaňlaryň sany 50 göterime çenli artdy. Ispaniýada bolsa pidalary gözegçilikde saklaýan gurama iýun aýyndaky aşa yssy sebäpli aradan çykanlaryň sanynyň 892 adama ýetendigini kesgitledi.
Şol bir wagtyň özünde, BSGG yssy howa garşy görülýän öňüni alyş çäreleriniň uly netije berýändigini aýratyn belleýär. Guramanyň hasaplamalaryna görä, eger häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ýörite meýilnamalar, irki duýduryş ulgamlary, ilat üçin salkynlaşdyrylan jemgyýetçilik ýerleriniň döredilmegi we kömege mätäç adamlara goldaw bermek ýaly çäreler bolmadyk bolsa, 2023-nji ýylda Ýewropada yssydan heläk bolanlaryň sany takmynan 80 göterim has köp bolup bilerdi. 80 ýaşdan uly adamlaryň arasynda bolsa bu görkeziji iki esse artardy.
– Kömege mätäç we ejiz adamlara goldaw bermek – hälki bir kagyz ýüzündäki iş däl. Bu çäreler eýýäm adamlaryň janyny halas edip başlady. Ýöne BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça şeýle çäreleriň has köpräk bolmagy gerek – diýip, Klýuge meseläniň möhüm taraplaryny mälim etdi.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň berýän maglumatlarynda aşa yssy tolkunynyň ýakyn wagtda Günbatar, Merkezi we Günorta Ýewropanyň, şeýle hem Balkan ýurtlarynyň ep-esli bölegine ýaýramagyna garaşylýandygy aýdylýar.