WhatsApp ulanyjylara telefon belgileri bermezden habarlaşmaga mümkinçilik berer

Şu gün, 05:26350

WhatsApp platformasy telefon belgilerini bermezden özara habarlaşmaga mümkinçilik berjek ulanyjy ady ulgamyny ornaşdyryp başlaýar. Eýýäm ulanyjylara özlerine mahsus bolan ady ätiýaçlandyrmak barada duýduryşlar gelip başlady.

Bu funksiýa doly işläp başlandan soň ulanyjylar öz telefon belgilerini görkezmezden, diňe «@» nyşany bilen başlanýan ulanyjy adyny ulanyp, biri-birleri bilen habarlaşyp bilerler. Bu özgertmeler, aýratyn-da toparlarda we nätanyş adamlar bilen guralýan gürrüňdeşliklerde şahsy maglumatlaryň gizlinligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Täze ulgam tapgyrlaýyn ornaşdyrylar we ol 2026-njy ýylyň ahyryna çenli doly tamamlanmalydyr. 3 milliarddan gowrak ulanyjynyň bu funksiýany özbaşdak işjeňleşdirmegine zerurlyk bolmaz – programma munuň üçin degişli duýduryşy özi ugradar.

Ulanyjylaryň sanynyň örän köpdügi sebäpli, ýönekeý atlaryň aglabasy eýýäm eýelenen bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda özboluşly at döretmek üçin adaty sanlary ýa-da ýörite nyşanlary goşmak talap ediler.

Goşmaça hökmünde, ulanyjylar dört belgili gorag koduny hem goýup bilerler. Bu kod iki ulanyjynyň arasyndaky ilkinji habarlaşykda talap ediler we ol islenilmeýän (spam) hatlardan goşmaça goranmak üçin niýetlenendir.

Meta kompaniýasy bu funksiýanyň aýratyn ýurtlar boýunça haçan işe giriziljekdigini takyk mälim etmedi. Şeýle hem kompaniýa kontent döredijilere, kiçi telekeçiler we guramalar üçin Meta-nyň beýleki sosial torlarynda ulanýan atlaryny bu ýerde hem bellige almaga mümkinçilik bermegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.