iPhone-dan has inçe we hususy dolandyryş ulgamy bar: SpaceX ýaşyryn öz gajetini taýýarlady

Şu gün, 05:10803

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy adamlaryň emeli aň bilen aragatnaşyk gurmagy üçin niýetlenen täze gajetiň ilkinji nusgasyny taslady. The Wall Street Journal gazetiniň öz ygtybarly çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu gurluş ýakynda geçen IPO çäresiniň öňüsyrasynda maýadarlara gizlin-bukdyn görkezildi.

Insaýderler enjamyň daş görünüşi boýunça smartfona meňzeş bolup, örän nepis dizaýna eýedigini aýdýarlar. Onuň ilkinji nusgasynyň «iPhone» smartfonundan hem has inçe edilip ýasalandygy mälim boldy (ýöne Apple-iň anyk haýsy modeli bilen deňeşdirilendigi takyklaşdyrylmaýar).

Gajetiň gurluş binýadyny «Qualcomm Snapdragon» çipi emele getirer. Käbir çeşmeler bolsa bu gurluş üçin düýbünden täze we gaýtalanmajak hususy dolandyryş ulgamynyň dörediljekdigini çaklaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.