Türkmenistanyň wekilleri Erasmus+ HWCA taslamasynyň jemleýji çäresine gatnaşdy

Şu gün, 15:533
1 / 2

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» atly Erasmus+ HWCA halkara taslamasynyň jemleýji çäresine gatnaşdy. Jemleýji duşuşyk Gyrgyzystandaky Yssyk kölüň kenarynda ýerleşýän «Ton Azure» myhmanhanasynda geçirildi.

Bu taslama sebit derejesinde Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

Duşuşyga Türkmenistan tarapyndan taslama boýunça hyzmatdaşlar bolan Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti gatnaşdy. Şeýle hem bu taslama Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini we bilermenlerini bir ýere jemledi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar taslamanyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabatlary hödürledi we onuň netijelerini maslahatlaşdy. Gyrgyzystanyň Diplomatiýa akademiýasy alnyp barlan işleriň umumy hasabatyny berdi, Gazak-German uniwersiteti bolsa Sebitleýin barlaglar we yzygiderli ösüş maksatnamasyny tanyşdyrdy. «IHE Delft» suw ulgamlary instituty, Bergamo uniwersiteti we Reýms Şampan-Arden uniwersiteti ýaly Ýewropaly hyzmatdaşlar bolsa bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki tejribeleri bilen paýlaşdy.

Maksatnama durnukly ösüş ugrundaky täze taslamalaryň tanyşdyrylyşyny, suw pudagynyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça çäreleri, uniwersitetleriň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy we gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny öz içine aldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň habar bermegine görä, Erasmus+ HWCA taslamasyna gatnaşmak ýokary okuw mekdebine suw hojalygy hünärmenlerini taýýarlamak ulgamyndaky bilim çärelerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryna howa diplomatiýasynyň elementlerini girizmäge we professor-mugallymlar düzüminiň ylmy-barlag mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döretdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.