Özbegistanda ýaşlaryň arasynda paýhasly sarp ediş medeniýetini, maliýe jogapkärçiligini ösdürmäge hem-de aşa çykdajylardan we gözeilginç haý-haýly dabaralardan ýüz döndermäge gönükdirilen «Maromiýlik» atly ählihalk hereketi başlandy.
Bu başlangyç geçen ýylyň güýzünde yglan edilen, çakdanaşa sowajaňlygy azaltmak hem-de şagalaňly toýlara we beýleki dabaralara bolan garaýşy üýtgetmek boýunça alnyp barylýan kampaniýanyň dowamy boldy.
Serişdeleri aýawly ulanmak medeniýetini kemala getirmek, raýatlaryň maliýe jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmak we düşünjeli sarp edişi ösdürmek bu hereketiň esasy wezipeleri diýlip bellenildi.
Taslamanyň birinji tapgyrynda ýurduň 14 sebitinde 204 sany ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda seminarlar hem-de treningler geçirildi.
Şeýle hem, 58 müňden gowrak adamy öz içine alan jemgyýetçilik gözlegi geçirildi. Onuň netijeleri ýaşlaryň dabaralary has sada görnüşde geçirmäge we tygşytly durmuş ýörelgesine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, geçirilen barlag köp ýaşlaryň gelýän kararlaryna henizem jemgyýetçilik pikiriniň we töwerekdäki adamlaryň garaýşyna laýyk gelmek isleginiň güýçli täsir edýändigini-de ýüze çykardy.
Taslamanyň awtorlary bu başlangyçlaryň adamyň bagtyýarlygynyň diňe bir sarp ediş derejesi bilen däl-de, eýsem serişdelere we geljege bolan jogapkärli çemeleşme bilen kesgitlenýän täze bir düşünjäni emele getirmäge gönükdirilendigini belleýärler.