Kaliforniýada şetdaly agaçlaryny ýok etmek üçin 9 million dollar sarp ediler: olaryň aýby näme?

Şu gün, 05:155,096
1 / 2

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň daýhanlary örän dözümli ädime baş urmaly boldular: olar 420 müňe golaý şetdaly agajyny düýbi bilen aýyrmaga mejbur boldular. Bu uly ýitgä şetdalyny gaýtadan işlemek bazarynda 139 ýyldan bäri hereket edip gelýän iň iri we irki kompaniýalaryň biri bolan Del Monte Foods zawodynyň ýapylmagy sebäp boldy.

Geçen ýylyň iýul aýynda bu kompaniýa çökgünlige düşendigi barada arza berdi we şu ýylyň aprel aýynda bolsa Modesto we Hýuson şäherlerindäki kärhanalaryny düýbünden ýapdy.

Ýerli daýhanlaryň köpüsiniň Del Monte kompaniýasy bilen 20 ýyllyk uzak möhletleýin şertnamalary bardy, şonuň üçin hem bu karar olar üçin örän agyr zarba boldy. Iň uly we esasy alyjynyň ýitirilmegi netijesinde zawodlaryň ýüzlerçe işgäri işsiz galdy, daýhanlaryň ýitiren umumy girdejisi bolsa diýseň ýokary derejä – 550 million dollara ýetip biler.

Daýhanlary weýrançylykdan halas etmek üçin ABŞ-nyň federal häkimiýetleri 9 million dollara çenli gyssagly kömek puluny böldüler. Bu goldaw barada senator Adam Şiff we Palatanyň agzalary Maýk Tompson ile Dewid Waladao mälim etdi.

Şetdaly baglaryny ýok etmek üçin näme üçin 9 million dollar sarp edilýär?

ABŞ-nyň häkimiýetleri takmynan 3000 akr meýdandaky agaçlary goparmagyň we arassalamagyň çykdajylaryny ödemek üçin bu puly aşakdaky maksatlar bilen berdiler:

Bahalaryň aşak düşmegini saklamak: 50 müň tonna şetdalynyň ýok edilmegi bazarda harydyň aşa köpelip, bahasynyň püçege çykmagynyň öňüni alar.

Zyýany azaltmak: Baglaryň ýoklanmagy daýhanlary hiç kime gerek däl hasyly ýygnamak üçin sarp ediljek 30 million dollar goşmaça çykdajydan we zyýandan halas eder.

Ýerleri boşatmak: Agaçlaryň goparylmagy daýhanlara şol ýerlerde tiz wagtda has girdejili we gowy satylýan başga ekinleri ekmäge mümkinçilik berer.

Hasylyň ýygnalýan möwsüminiň ahyryna (sentýabr aýyna) çenli bu işleriň hemmesini tamamlap ýetişmeli, ýogsam gereksiz şetdalylar şahalarda çüýräp, daşky gurşawa zelel ýetirip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.