Beýtseňem bolýarmy? FIFA Trampyň jaňyndan soň amerikan hüjümçisiniň jezasyny soňa süýşürdi

Şu gün, 10:113,410
1 / 4

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda uly dawa-jenjel turdy. ABŞ-nyň ýygyndysynyň hüjümçisi Folarin Balogunyň oýundan çetleşdirilmek jezasy Prezident Donald Trampyň FIFA jaň etmegi sebäpli wagtlaýynça yza süýşürildi.

Amerikan lideriniň futbolçynyň jezasyna täzeden seretmek haýyşy bilen FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino şahsy özüniň ýüz tutandygy aýdylýar. Oýunçy 1/16 finalda Bosniýa we Gersegowina garşy geçirilen duşuşygyň 64-nji minudynda goragçy Tarik Muharemowiçe garşy oýnan gödek hereketi üçin gönümel gyzyl kart alypdy. Trampyň jaňy baradaky maglumat ilkibada sosial torlarda žurnalist Ben Jeýkobs tarapyndan paýlaşylan-da bolsa, soň muny Ak tam hem resmi taýdan tassyklady.

Netijede, FIFA futbolçynyň oýundan çykarylyş jezasyny yza süýşürmek barada çözgüt kabul etdi. Indi Balogun 1/8 finalda Belgiýanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek duşuşykda meýdança çykyp biler. Gyzyl kart düýbünden ýatyrylmady, emma Tertip-gözegçilik komiteti Tertip-gözegçilik kodeksiniň 27-nji maddasyny ulanyp, jezany bir ýyllyk synag möhleti bilen şertli wezipä öwürdi. Eger-de hüjümçi ýene-de düzgün bozsa, ol diskawalifikasiýa jezasyny doly berjaý etmeli bolar.

Balogun şu ýaryşda 3 gol urmagy başardy (iki gol Paragwaýa, bir gol bolsa Bosniýa) we ol öz toparynyň iň netijeli hüjümçisi (bombardiri) bolup durýar.

Belgiýanyň ýagdaýy: garşy çykmak we düzgünleriň bozulmagy baradaky aýyplamalar

Belgiýanyň Patyşalyk futbol assosiasiýasy (RBFA) resmi taýdan nägilelik bildirdi we bolup geçýän wakalara örän geň galýandygyny mälim etdi. Federasiýa FIFA-nyň bu çözgüdiniň Dünýä çempionatynyň düzgünnamasynyň 10.5-nji maddasyna we Tertip-gözegçilik kodeksiniň 66.4-nji maddasyna gös-göni garşy gelýändigini belledi. Sebäbi bu maddalarda meýdançadan kowlan oýunçynyň nobatdaky duşuşygy hökmany suratda sypdyrmalydygy anyk görkezilendir.

Belgiýalylar oýundan çykarylmagyň awtomat häsiýetiniň FIFA-nyň 2026-njy ýylyň 12-nji maýyndaky №16 sirkulýarynda we ýaryşyň oýun öňündäki ähli maslahatlarynda tassyklanylandygyny aýratyn nygtadylar. Häzirki wagtda RBFA mundan beýläkki ädilmeli hukuk ädimleriniň we çäreleriniň üstünde işleýär

Belgiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Rudi Garsiýa hem bolup geçen ýagdaýa kinaýaly garaş edip, Dünýä çempionatynda 5-nji iýulyň «Aldaw günüdigini» bilmeýändigi hakynda aýdyp, beýle çözgüdiň ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek kabul edilýändigini nygtady.

ABŞ-nyň pozisiýasy we futbol jemgyýetçiliginiň reaksiýasy

ABŞ-nyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino FIFA-nyň bu çözgüdini goldady we ony adalatly diýip atlandyrdy. Onuň pikiriçe, Balogun bilgeşleýin düzgün bozmandyr we meýdançadan kowulmaly däl eken, topar bolsa onsuzam 30 minutdan gowrak wagt azlykda oýnap, jezalandyrylyp bilipdir. Poçettino çäklendirmeleriň wagtlaýynça saklanylmagynyň adatdan daşary waka däldigini weöň hem şuňa meňzeş wakalaryň bolandygyny-da sözüniň üstüne goşdy.

– Menem hemmeler ýaly pikirde. Men sporty gowy görýärin we onuň ahlak taýdan tämizligine ynanýaryn. Biz bu çözgüdi gowy garşylaýarys. Adamlaryň 99%-i gyzyl kartyň nähak görkezilendigini öňe sürýär... Men Rudini gowy tanaýaryn we oňa uly hormat goýýaryn. Ol örän gowy tälimçi we ajaýyp adam. Ýöne ol öz toparynyň bähbitlerini-de goramaly bolýar – diýip, Poçettino belledi.

Amerikanlaryň kapitany Kristian Pulişiç hem tälimçiniň aýdanlary bilen ylalaşyp, ýaryşda mundan-da elhenç pursatlaryň bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň oýunçylarynyň özleri bolsa bu habary türgenleşige barýan ýollarynda sosial ulgamdan okap bilipdirler.

– Dogrusy, köpümiz muňa emeli aňyň oýnudyr öýtdük – diýip, goragçy Kris Riçards gürrüň berýär.

Angliýanyň ýygyndysynyň öňki oýunçysy Gari Newill hem öz gezeginde şol pursatda gyzyl kartyň «ýokdugy» bilen ylalaşdy, ýöne FIFA-ny düzgünnamanyň üstünden ätläp, duýdansyz çözgüdi üýtgedendigi üçin berk tankyt etdi:

– Geliň, açyk aýdyşalyň, bu wakadan gowulygyň ysy-ha gelenok. Ýöne ondan hem beteri, şeýle çözgütlere gaýtadan seretmek üçin ýörite ulgam bolmaly. Dogrusyny aýtsam, menem gyzyl kart bilen ylalaşamok, emma ol goýuldy, goýlandan soň bolsa, ony ýatyrmak üçin esas berýän hukuk guraly gerek. Eger şeýle gural ýok bolsa we şonuň bilen birlikde, FIFA düzgünleriň hemme kişi üçin birdigine garamazdan, birden oýunça meýdança çykmaga rugsat berýän bolsa, men Belgiýanyň ýa-da ýaryşda oýunçysy meýdançadan kowlan başga bir toparyň ýerinde bolsam, gahardan ýaňa özüme ýer tapmazdym, hatda ol çözgüt jedelli görünse-de. Ýöne meniň muňa geň galýanymy ýa däldigimi biljek bolýan bolsaňyz, onda, ýok, asla geň galamok.

ABŞ — Belgiýa duşuşygy Sietldäki «Lumen Field» stadionynda geçiriler. Oýun 7-nji iýulda ir säher bilen sagat 05:00-da başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.