DÇ: Hoş gal, Ronaldu! Ispaniýa we Belgiýa 1/4 finalda. ABŞ-ny hatda Tramp hem halas edip bilmedi

Şu gün, 06:264,747
1 / 10

Futbol boýunça Dünýä çempionaty özüniň dramapisint ssenariýalary bilen geň galdyrmagyny dowam edýär. Geçen gije ýaryşyň soňky eýeleri bolan ABŞ-nyň ýygyndysy, şeýle hem Kriştianu Ronaldunyň serkerdeligindäki Portugaliýanyň ýyldyzlar ýygyndysy çempionat bilen hoşlaşdy.

Portugaliýa – Ispaniýa 0:1: Ronaldu çempion bolup bilmedi

Ispaniýanyň ýygyndysy Portugaliýany 1:0 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. Amerikanyň Arlington şäherindäki «AT&T» stadionynda geçirilen duşuşygy Entoni Teýloryň ýolbaşçylygyndaky angliýaly eminler topary dolandyrdy.

Stadiona ýygnanan 70 müňden gowrak janköýeriň 90 minudyň dowamynda gola garaşyp, sabry suw boldy. Oýun özara deň şertlerde başlandy: ispanlar ýiti hüjümleri gurnan bolsa, portugaliýalylar käbir pursatlarda töwekgelçilikli hereket etdiler. Şeýle-de bolsa, derwezä gönükdirilen takyk zarbalar boýunça ujypsyzja artykmaçlyk Ispaniýanyň tarapynda boldy (umumy zarbalar 8–5, takyk zarbalar 3–2).

53-nji minutda Portugaliýa uly ýitgi bilen ýüzbe-ýüz boldy: goragçy Nunu Mendeş şikes alyp, meýdançany terk etmäge mejbur boldy we onuň ýerine oýna Nelson Semedu goşuldy. Bu mejbury çalşyk portugaliýalylaryň oýnuna mese-mälim ýaramaz täsir etdi. Goragda bökdençlikler ýüze çykdy, top bolsa hüjüm tarapa has seýrek ýetip başlady.

Oýnuň ykbalyny çözen pursat 90+1-nji minutda bolup geçdi. Ispanlar jerime zarbasyny diýseň çalt we garaşylmadyk usulda çykaryp, portugaliýaly goragçylary gapyllykda basdylar. Ferran Torres merkezden topy goragçynyň aýaklarynyň arasyndan göni jerime meýdançasyna geçirmegi başardy, ol ýerde bolsa Mikel Merino sowukganlylyk bilen derwezäniň ýakyn burçuna takyk zarba urdy.

Ine, hut şu gol hem Ronaldunyň Dünýä kubogy baradaky arzuwyny hemişelik puja çykardy...

Rowaýaty portugaliýaly oýunçynyň karýerasynda alty sany synanyşygy boldy. Ol üstünlige iň golaý ýagdaýa 2006-njy ýyldaky ilkinji Dünýä çempionatynda ýetipdi. Şonda portugaliýalylar ýarym finalda Fransiýadan (0:1) asgyn gelipdiler, üçünji orun ugrundaky oýunda bolsa nemeslerden (1:3) utulypdylar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Ispaniýa bilen bolan oýun tamamlanan badyna Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

ABŞ – Belgiýa 1:4: Balogun meýdançada tutuş oýny geçirdi, ýöne belgiýalylar iňňän ýokary derejede oýnady

Belgiýanyň ýygyndysy ABŞ-ny 4:1 hasabynda möhüm ýeňlişe sezewar edip, çärýek finala çykdy. Duşuşyk Sietldaky «Lýumen Fild» stadionynda, Iordaniýaly Adham Mahadmehiň ýolbaşçylygyndaky aziýaly eminler toparynyň gözegçiliginde geçirildi.

Oýunda hasap eýýäm 9-njy minutda açyldy. De Ketelare çep ganatdan jerime meýdançasynyň merkezine pessejikden pas bermäge synanyşdy, ýöne goragçylar topuň öňüni kesdiler. Yza böken topa birinji bolup Raskin ýetişdi we ony derweze meýdançasyna tarap ýollady. Ol ýerde bolsa De Ketelare eýýäm hiç hili ýalňyşsyz nyşana anyk zarba urdy.

31-nji minutda amerikanlar hasaby deňlemegi başardylar. Tillman jerime zarbasyny ýerine ýetirdi, top Wanakiň kellesine degip, ugruny üýtgetdi we eýýäm gapma-garşy burça böküp barýan Tibo Kurtuanyň toruna girdi – 1:1.

Ýöne muňa garamazdan, bary-ýogy iki minutdan soň belgiýalylar ýene öňe saýlandylar. 33-nji minutda Trossard çep tarapdan hallanladyp topy içerik geçirdi we De Ketelare amerikan goragçysy Tim Rim bilen bolan howadaky göreşde üstün çykyp, kellesi bilen topy derwezä girizdi — 1:2. Toparlar arakesmä şu hasap bilen gitdiler.

57-nji minutda meýdançanyň eýeleri örän gödek ýalňyşlyga ýol berdiler. ABŞ-nyň derwezebany Friz De Ketelarä tarap berlen ýokarky pasyň öňüni kesmek üçin jerime meýdançasynyň daşyna ylgap çykdy, ýöne haýallyk edip, aýak çekdi. Şarl derwezebany gyssap, topy eýelemegi başardy. Soňra yza, Wanakene tarap pas berildi, ol hem takmynan 25 metr aralykdan düýbünden boş duran derwezäni anyk nyşana aldy –1:3.

Bu goýberilen gol amerikanlary ruhy taýdan çökerdi, oýnuň dowamynda meýdançanyň eýeleri topa has köp eýelik edenem bolsalar, olaryň hüjümleri öňki ýitiligini ýitirdi. Oýnuň soňky nokadyny bolsa 90+3-nji minutda Romelu Lukaku goýdy. Hans Wanakenden jerime meýdançasynyň çep tarapynda pas alan Lukaku göwresi bilen Riçardsy yza tesdirip, güýçli hereket bilen öňe saýlandy we amerikanlaryň derwezesiniň uzak burçuna saklap bolmajak zarba urdy –1:4.

Oýundan öň köpçüligiň arasynda gowur döreden Folarin Balogun (ol 1/8 finalda göni gyzyl kart alypdy, ýöne Donald Trampyň jaňyndan soň FIFA onuň oýundan çetleşdirilmesini yza süýşüripdi) 90+2-nji minuda çenli meýdançada oýnady, ýöne haýp, öz toparyna kömek edip bilmedi.

1/4 finalda Belgiýa Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýakynda boljak duşuşyklar:

Argentina – Müsür (Atlanta) –7-nji iýul sagat 21:00-da;

Şweýsariýa – Kolumbiýa (Wankuwer) – 8-nji iýul sagat 01:00-da.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.