DÇ-2026: Marokko ýaryşyň eýesini derbi-dagyn edýär, Mbappe-de Messiden kem galanok

Şu gün, 07:254,364
1 / 5

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşyklaryna badalga berildi we ýaryşy kabul edýän ýurtlaryň biri eýýäm çempionaty terk etdi.

Kanada – Marokko 0:3: Kanada ertekisi wessalam!

Kanadanyň ýygyndysy Hýustondaky (ABŞ) «En-Er-Ji» stadionynda Marokkodan uly hasap bilen ýeňilip, öz çykyşyny tamamlady. Duşuşyga Maýkl Oliweriň ýolbaşçylygyndaky iňlis eminler topary eminlik etdi.

Oýun turuwbaşdan dartgynly häsiýetde dowam etdi, taraplaryň ikisem biri-birinden beter gödek we erjel oýnadylar. Bu bolsa topuň ýygy-ýygydan ýitirilmegine we köp sanly düzgün bozulmalaryna getirdi. Diňe birinji ýarymyň özünde baş emin 6 sary kart görkezdi, oýnuň dowamynda bolsa olaryň sany 8-e ýetdi. Gollaryň hemmesi-de duşuşygyň ikinji ýarymynda derwezä girizildi.

50-nji minutda Aşraf Hakimi sag gyradan jerime urgusyny ýerine ýetirip, merkezi tarapa pas berdi. Azzedin Unai topy jerime meýdançasynyň çyzygynda kabul edip, ony derwezä tarap güýçli urgy bilen ugratdy.

82-nji minutda Unai dubl etdi. Bu gezek, kynlyk bilen hem bolsa, sag gyradan netijeli pasy Braim Dias berdi.

Üç minut geçenden soň hasap keminden 0:3 bolmalydy, emma Kanadany derwezäniň ýokarky sütüni halas etdi. Muňa garamazdan, duşuşygyň ahyrynda marokkolylar eýdip-beýdip, üçünji goly hem girizdiler.

Kanadaly oýunçylar hüjüme aşa gyzygyp, hatda öz derwezebanlary Maksim Krepony hem öňe ugratdylar. Marokkolylar mundan peýdalanyp, tiz garşylykly hüjüme geçdiler. Braim Dias sag tarapdan topy çepden ylgap gelýän Sufýan Rahiminiň öňüne geçirdi, ol hem topy sowukganlylyk bilen derwezäniň uzak burçuna gönükdirdi.

Marokko 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň ilkinji çärýek finalçysy boldy.

Paragwaý – Fransiýa 0:1: Fransuzlaryň zordan gazanan ýeňşi we Mbappeniň rekordy

1/4 finalyň ikinji gatnaşyjysy bolsa Filadelfiýadaky (ABŞ) «Linkoln Faýnenşel Fild» stadionynda geçen çylşyrymly duşuşykda Paragwaýy utmagy başaran Fransiýanyň ýygyndysy boldy. Duşuşygyň baş emini wezipesini özbek referisi Ilgiz Tantaşew ýerine ýetirdi.

Fransuzlar oýun artykmaçlygyna eýe boldular, ýöne duşuşygyň ykbaly diňe oýnuň soňky üçden bir böleginde – VAR-yň ara goşulmagy netijesinde çözüldi.

65-nji minutda Paragwaýyň jerime meýdançasynyň içinde goragçy Gomes gödek oýnap, özüni aldap geçjek bolýan Dueniň aýagyna depdi. Emin ilki bu pursada üns bermedi. Paragwaýlylar hatda çalt garşylykly hüjüme geçmäge hem ýetişdiler. Ýöne az wagtdan olaryň hüjümçisi Migel Almironyň aýagynyň damary çekip, herekete ýaraman otuň üstüne çökdi.

Bu ýagdaý kiparlan badyna, emini monitoryň ýanyna çagyrdylar. Ol pursady seljerenden soň, 11 metrlik urgyny belledi.

Penaltini Kilian Mbappe takyk ýerine ýetirdi. Bu gol fransuz hüjümçisiniň häzirki ýaryşdaky ýedinji goly boldy. Golçularyň bäsleşiginde ol Lionel Messi bilen deňleşdi.

Üstesine-de Mbappe üç sany dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda azyndan üç gol salmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.

Şunlukda Fransiýa indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny gazandy, ol 10-njy iyul güni sagat 01:00-da Marokkonyň ýygyndysy bilen duşuşar.

DÇ-2026-nyň 1/8 finalynyň ýakyndaky oýunlary:

Braziliýa – Norwegiýa (Ist-Raterford) — 6-njy iýulda sagat 01:00-da;

Meksika – Angliýa (Mehiko) — 6-njy iýulda sagat 05:00-da.

Häzirki wagtda DÇ-2026-nyň iň köp gol uran 10 bombardir:

  1. Lionel Messi (Argentina) — 7 gol;
  2. Kilian Mbappe (Fransiýa) — 7 gol;
  3. Erling Holand (Norwegiýa) — 5 gol;
  4. Harri Keýn (Angliýa) — 5 gol;
  5. Winisius Žunior (Braziliýa) — 4 gol;
  6. Usman Dembele (Fransiýa) — 4 gol;
  7. Mikel Oýarsabal (Ispaniýa) — 4 gol;
  8. Ismaila Sarr (Senegal) — 4 gol;
  9.  Deniz Undaw (Germaniýa) — 3 gol;
  10.  Ýohan Manzambi (Şweýsariýa) — 3 gol.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.