ÝUNISEF-iň on sany ýurdy gurşap alýan täze barlaglaryna görä, bütin dünýäde azyndan 20 million çaga emeli aňdan eýýäm işjeň peýdalanýar. Şol bir wagtyň özünde, kämillik ýaşyna ýetmedikler bu tehnologiýalary uly ýaşly ilata garanyňda üç esseden hem has çalt özleşdirýär.
Bilermenler bu giň gerimli prosesiň netijelerini öňünden çaklamagyň häzirki wagtda örän kyndygyny belleýär.
Okuwda we şahsy meselelerde kömekçi
Ýaş nesilleriň arasynda emeli aňy ulanmagyň esasy ugry bilim bolup galýar: takmynan, 13 million çaga bu tehnologiýany okamak we öý işlerini ýerine ýetirmek üçin peýdalanýar. Şol bir wagtda, iki milliondan gowrak çaga (her onunjy çaga) özlerini biynjalyk edýän şahsy meseleleri boýunça maslahat almak üçin emeli aňa ýüz tutýandyklaryny boýun aldy. Hünärmenler häzirki howpsuzlyk düzgünleriniň emeli aňyň şeýle çalt ösüş depginine uýgunlaşyp ýetişmeýändigini belleýär.
Çagalaryň gyzyklanmalaryna üns berilmezligi
Gözlegleriň awtorlary kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň emeli aňy düzgünleşdirmekdäki gowşaklyklaryň netijeleri bilen ilkinji bolup ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny we munuň täsirini beýlekilerden has uzak duýjakdyklaryny nygtaýar. Şeýle-de bolsa, olar bu ulgamlaryň döredilmegine, ulanylýan biznes modellerine ýa-da özleriniň şahsy maglumatlarynyň işleniliş usullaryna hiç hili täsir edip bilmeýär. Häzirkizaman emeli aňy dolandyryş ulgamlarynyň köpüsinde çagalaryň hukuklaryna asla ähmiýet berilmeýär.
Emeli aň dynç alyş we okuw üçin täze mümkinçilikleri açýar, ýöne onuň emosional garaşlylyga we kognitiw ösüşe ýetirýän täsiri baradaky maglumatlar indi ýygnalyp başlandy. Şol sebäpli häzirki nesil, hakykat-da, global synag şertlerinde ösýär. Çagalaryň özleri hem bu ugurda howpy görýär: pikir soraşma gatnaşanlaryň üçden biri emeli aňyň kezzaplyk we ýalan maglumat ýaýratmak üçin ulanylmagyndan gorkýan bolsa, her dördünji çaga öz fotosuratlarynyň ýa-da wideolarynyň esasynda ahlaksyz şekilleriň döredilmeginden howatyrlanýar.
ÝUNISEF-iň çagyryşy
Emeli aňy dolandyryş boýunça ilkinji Global dialogyň öňüsyrasynda gurama telekeçileri we hökümetleri çagalaryň howpsuzlygyna ilkinji nobatda üns bermäge çagyrdy. ÝUNISEF şulary maslahat berýär:
- Emeli aňyň çagalaryň abadançylygyna ýetirýän täsirini öwrenýän ylmy gözlegleri maliýeleşdirmek;
- Çagalary neýroulgamlar bilen baglanyşykly zorluklardan goramak üçin kanunlary has-da güýçlendirmek;
- Ulgamlaryň aýdyňlygyny we maşgalalaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak;
- Sanly deňsizligi aradan aýyrmak üçin infrastruktura elýeterliligi giňeltmek.
«Aýgytlaýjy pursat geldi. Häzirki wagtda emeli aň barada kabul ediljek çözgütler çagalaryň howpsuzlygyny, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine bolan hukugy, olaryň abadançylygyny hem-de geljekki onýyllyklarda mümkinçiliklere deňhukukly elýeterliligini kesgitlär» – diýip, ÝUNISEF-iň beýanatynda bellenilýär.