Sisiliýada Ýewropanyň iň beýik wulkany bolan Etna atyldy

Şu gün, 07:162,589
1 / 2

Italiýanyň Sisiliýa adasynda Etna wulkany atylmagyny dowam etdirýär. Lawa deňiz derejesinden takmynan 3000 metr beýiklikde açylan täze deşikden akýar.

Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, wulkan birnäçe gün mundan ozal atylyp başlady we kem-kemden güýçlenýär. Lawa wulkanyň ilatsyz eňňit ýerlerinden aşaklygyna akýar.

Sebitiň häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylar ýa-da syýahatçylar üçin hiç hili howpuň ýokdugyny mälim etdiler. Etna gür ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýär we lawanyň akymy ilatly ýerlere baryp ýetmeýär.

Hünärmenler wulkanyň işjeňligini gije-gündiz gözegçilikde saklamagy we onuň ýagdaýyndaky üýtgeşmeleri bellige almagy dowam edýärler.

Takmynan 3329 metr beýiklikde ýerleşýän Etna Ýewropanyň iň beýik işjeň wulkany we dünýäde iň işjeň wulkanlaryň biri hasaplanýar. Onuň yzygiderli atylyp durmagy ylmy barlagçylary we syýahatçylary özüne çekýär, ýöne seýsmologlar tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanmagy talap edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.